Lebap welaýatynyň Astana obasynda ýerleşýän Astana baba mazaryna zyýarat etdim. Esasy 3 –njy we 6-njy günler barylýar, öz sebäbine görä bu günler has sogaply, gudratly hasaplanýar. Adamlar diýseň köp, 5 welaýatyň ähli künjeginden gelipdirler. Häzirler pagta ýygymy möwsümi bolsada adamlar gelip-gidip dur. Mawzoleýiň 2 gapysy bar,hersindede adamlar üýşip, gezekligine girip çykyp durlar. Astana babada ynançlara göra dürli hereketler edilmeli, olardan: girişde sag ayagyň bn basyp girmeli, çykanynda hem. Ilki bilen baryp guýudan suw içmeli, ýörite bedrede arassa suw dur, bu suwdan içmegiň manysy günälerini ýuwmak ekeni. Göz çaky bilen aýdanymda 5-6 sany bölek bar, goşmaça dynç alyş ýerleri we nahar bishirmek üçin ojakly ýer bar. Muny gyzyklanyp soradym, adamlar bäre sadaka bermäge geler ekeni. Şol ýerde ýeke özi oturan daýza gözüm düşdi, baryp gürrüňdeş boldym. Daýza gürrüň berdi: “ Özüm Daşoguzdan, 2 oglum, 1 agtygym bar. Kiçi oglumyň toý edenine 3 ýyl boldy, hiç çaga nesip etmedi. Dürli lukmanlara äkidip gördük, hersi bir zatlar aýdyp dermanlar, leçenýa ýazyp berdi, peýdasyz. Türkiýä äkitdim, şol ýeriň medisinasy gowy diýip esitdim, olardanam kömek degmedi, lukmanyň aýtmagyna gora oglumda dogulyşdan nasaglyk bar, ona hiç hili derman kömegi ýok diýdi… Şondan bäri çagasyz, onsoň günleriň birinde gürrüň arasynda Astana baba diýen ýer barada gürrüň açyldy, ünsli diňledim, daýzalar her dürli wakalar aýdyşyp şol ýeriň peýdasy degenligi barada aýdyşdylar, menem öz oglum barada soradym, manada maslahat berdiler. Ýarym ynanç bilen gidip gördüm, ähli ýerlerine bardym, doga etdik, geçen hepde ogul agtygym boldy…” diýip ýylgyrdy. Käbirleriňize ynanmak agyr bolup biler emma bu ýere gelen adamlary görüp, olaryň edýän hereketlerine syn edip ynamyňyz has artar, garaz gelip görmek gerek. Başgada dürli sebäpler bilen gelýärler, armiýa gidenler, okuwa girenler-gelenler, toý edenler, ýogalanlar üçin Hudaý ýoly, Gurbanlykda goýun soymak, sowdasy gowy bolmak üçin dileg etmäge gelýän köp. Günde içi adamdan doly, gapdalynda mazarlyk bar, sol ýerde ýörite ýogalan ýakynlaryny jaylaýalar, sebäbi Hudaya has ýakyn bolmagy, jennete girmek üçin. Her gün arassaçylyk geçirilýär. Gümmetlere giren wagtyň gapysyna elini goýup togap etmeli, sag aýagyň bilen girmeli. Maňa täsin bolan ýeri çykan wagtyň yzyna seredip arkalaýyn ýöremeli. Içinde ýaşly daýzalar doga edip otyrlar, ýanyna baryp 1-2 manat goýup, näme sebäp bilen gelenligini aýtmaly, ol daýza şoňa gora gowy sözler bilen dileg okap berýär. Pul bermek, bulam bir täsin, sebäbini sorap durmadym, taryhdan gelýän bir däp ekeni. Ähli yeri haly ýazylan, birnäçe otaglar bar, her haýsynda beýik sahsyýetleriň gubury bar. Adamlar onuň daşyndan aýlanyp, üstüne pul goýup doga okayalar. Sonra üýşüp ýerde oturyp, bileleşip dileg edýärler. Başgada bir täsin agaç bar, adamlar daşyndan 5 gezek aýlanyp doga okaýalar, bu esasan çagasy bolmaýanlar, erbet düýş görýänler, tiz keselleýänler üçin täsirli ekeni. Burcunda yene bir guýy bar, dasyndan 3 gezek aýlanyp şol suwdan içmeli we el-ýüzüni ýuwmaly ekeni. Munuň suwy ýörite “Mekke”den getirilýär ekeni. Beden agrysy bolarlara peydasy hem bar. Girişde suratçylar bar, içini aýlanýançan düşen suratlaryny taýýar edip durlar, ýadygärlik üçin gowy. Jemlesem, gündelik özgerişler girizýärler, gudratly ýeriň täsiri başgaça ekeni, gidip gelenimden bäri özümi üýtgeşik duýýan, gowy manyda. Hemmäňizede maslahat berýän, geliň görüň, hökman bir sebäp gerek däl, saglyk dilemek üçin hem gelip bolýar.
-Batyr
www.ertir.com