ZemZem suwy

Ha­jy­la­ryň zy­ýa­rat­dan ge­tir­ýän mu­kad­des Zem­zem su­wy öz ta­ry­hy­ny Hez­re­ti Yb­ra­ýym py­gam­ber­den alyp gaýd­ýar. Hä­zir­ki gün­de bu suw Kä­bä gel­ýän zy­ýa­rat­çy­la­ra “Za­ma­ze­mah Uni­ted Of­fice” şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan mugt paý­lan­ýar.Her gün 594 müň litr suw gu­tu­la­ra dol­du­ry­lyp, ola­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne äki­dil­ýär. Şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­sy Sü­leý­man Ibn-i Sa­lih Ebu Gal­ýe Zem­zem gu­ýu­sy ha­kyn­da şeý­le diý­ýär: “1981-nji ýyl­da gu­ýy­ny bar­la­mak üçin yl­my to­par iş ge­çir­di we ola­ryň iş­le­ri ýaz­ga alyn­dy. Ýaz­gy­da suw Zem­zem gu­ýu­sy­nyň di­wa­ry­nyň sag we çep ta­ra­pyn­dan iki de­şik­den gel­ýär, em­ma aňyr­sy ýok. Suw nä­çe alyn­sa-da, yzy ke­si­le­nok. Gu­ýy heň­lä­nok. Zy­ýa­ra­ta açyk wag­ty ha­jy­lar içi­ne teň­ňe ýa-da ş.m. zat­la­ry ok­la­ýar­dy­lar. Her ýyl me­ret aýy­nyň 15-nji gü­nün­de suw da­şyp, bu zat­la­ry da­şa­ry zyň­ýar­dy. Baş­ga wag­ty hiç da­şa­nok­dy. Hä­zir bu wa­ka gaý­ta­lan­ma­ýar we gu­ýy öz-özü­ni aras­sa­la­ýar.” Kä­bä­niň go­la­ýyn­da bo­lan Zem­zem dyk­ly­şyk se­bäp­li gu­ýy ýa­py­lyp, tur­ba­lar bi­len Ku­daý di­ýen ýe­re gö­çü­ril­di we şol ýer­den hem suw dol­du­ryş des­ga­la­ry­na goý­be­ril­ýär.Güm­rük­de ha­jy­la­ra bel­li bir muk­dar­dan ar­tyk ge­çi­ril­me­gi­ne rug­sat be­ril­me­ýän Zem­zem su­wu­ny, “Za­ma­ze­mah Uni­ted Of­fice” şe­re­ke­ti­niň iş­gär­le­ri­ne iç­mek ga­da­gan­dyr. Hez­re­ti Mu­ham­met Py­gam­ber: “Ýer ýü­zü­niň iň peý­da­ly su­wy zem­zem­dir. On­da her dür­li ke­se­le gar­şy em bar­dyr” di­ýip, su­wuň gym­ma­ty­ny nyg­ta­ýar.Zem­zem ýe­ke­je ge­zek gu­ra­dyHez­re­ti Yb­ra­ýym py­gam­be­riň aýa­ly Hez­re­ti Ha­jer og­ly Ys­ma­ýyl bi­len su­wuň göz­le­gi­ne çy­ka­nyn­da, Sa­fa we Mer­we de­pe­si­niň ara­ly­gyn­da Zem­zem su­wy ke­ra­mat bi­len Al­la ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän­di­gi ro­wa­ýat edil­ýär. Şol dö­wür­ler­de-de halk onuň tö­we­re­gi­ne ýu­waş-ýu­waş ýer­leş­ýär. Soň­ra-da Al­la­nyň buý­ruk­la­ryn­dan uzak­la­şyp ug­ra­nyn­da Zem­zem su­wu­nyň ak­ma­sy gu­ra­ýar. Hez­re­ti Mu­ham­met py­gam­be­riň ata­sy Ab­dul­mut­ta­li­be düý­şün­de gu­ýy­ny gaz­mak­lyk tab­şy­ryl­ýar. Onuň ga­zan Zem­zem gu­ýu­sy­nyň su­wy hä­zir­ki gün­de hem gu­ta­ra­nok.