(1)Danalaryñ kitaby

Bir gezek Iblis(goý, Allah oňa lagnat etsin!) Isa alaýhyssalamyň ýanyna gelip:
— Eý, Isa, Allah näme ýazgydyňa ýazan bolsa şol bolýar gerek — diýýär.
Isa alaýhyssalam:
— Elbetde — diýip jogap berýär.
Onda Iblis oňa:
— Şu dagdan bök, eger Allah ýazgydyňa ölüm ýazmadyk bolsa ölmersiň — diýýär.
Isa alaýhyssalam Iblise:
— Eý, lagnat siňen şeýtan! Allahtagala bendelerini synap bilýändir, emma bendesi Allahtagalany synap bilýän däldir — diýýär.

[Abdyrahman ibn Jöwzi: Danalaryñ kitaby]

www.ertir.com