http://www.trt.net.tr Aýasofýa muzeýine 2 million 782 müň 794 adam geldi
Aýasofýa muzeýine 2 million 782 müň 794 adam geldi
Aýasofýa muzeýi syýahatçylaryň sany taýdan birinji boldy
Stambuldaky Aýasofýa muzeýi, Türkiýedäki beýleki muzeýlere we taryhy ýerlere gelýän syýahatçylaryň sany taýdan birinji boldy.
Ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde muzeýe 2 million 782 müň 794 adam geldi.
Aýasofýa muzeýinden soň 2 million 634 müň 827 syýahatçy bilen Stambuldaky Topkapy köşgi muzeýi gelýär.
Ady agzalýan döwürde Konýadaky Mewlana muzeýine hem 1 million 806 müň 459 syýahatçy geldi.
+ نوشته شده در سه شنبه ۱۳۹۴/۰۸/۱۹ ساعت 11:16 توسط محمد قجقی
|