Türkmenistan-Polşa: Medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar ösdürilýär
Aşgabatda Uly Warşawa sirki öz gastrolyny dowam etdirýär, onuň çykyşlary
her gün minnetdar tomaşaçylaryň köp bolmagynda şadyýan we dowamly
elçarpyşmalary astynda geçýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen milli medeniýeti
döredijilik işgärlerine we sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw
berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhlandyryjy tagallalary netijesinde
gülläp ösüş we täze gözýetimler döwrüne gadam urdy. Şunda medeniýetli
dynç almagyň häzirki zaman industriýasynda ägirt uly orny eýeleýän
hem-de biziň ýurdumyzda öz ösüşinde täze itergi alan sirk sungatyna uly
üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladasy netijesinde sungatyň
bu görnüşi bilen meşgullanmaga we ony dünýä derejesine çykarmaga, daşary
ýurtly sirk toparlary bilen döredijilik tejribesini alyşmaga isleg
bildirýänler üçin ähli şertler döredilýär.
Polýak toparynyň häzirki çykyşlary ýene-de sirk sungatynyň muşdaklary we aýratyn hem olaryň esasy tomaşaçylary bolan çagalar tarapyndan mähirli garşylandy.
Uly Warşawa sirki dünýäde has giňden mälimdir. Onuň direktory, hünärli sirk artisti Erži Koziakyň TDH-a interwiýusynda gürrüň berşi ýaly, topar 1964-nji ýylda ilkinji gezek gastrola çykdy. Sirkiň elli ýyla golaý taryhynda onuň artistlerine Russiýada, Wengriýada, Şwesiýada, Şweýsariýada, Gollandiýada, Angliýada, Finlýandiýada, Fransiýada, Ispaniýada, Germaniýada, Daniýada, Ýaponiýada, Rumyniýada, Ukrainada, Belarusda, Litwada, Gazagystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda mynasyp el çarpdylar, bu sirk aprel aýynda ýarym asyrlyk toýuny belläp geçer.
Polýak sirkiniň artistleri Aşgabada nobatdaky gezek gelenlerinde täze iki sagatlyk çykyşy getirdiler, dört aýakly artistleriň-iki örküçli düýeleriň, şotland atlarynyň we hindi pilleriniň gatnaşmagy bilen bolan çykyşlar onuň esasyny düzdi.
Sirk çykyşyna diňe bir hünärli artistler – ekwilibristler we gözbagçylar, akrobatlar hem-de howa gimnastikaçylary, özboluşly žanryň ussatlary hem-de masgarabazlar däl-de, eýsem gönüden-göni tomaşaçylaryň özleriniň hem gatnaşýandygy guwançlydyr, olar maksatnamanyň ssenarisine laýyklykda özleri üçin duýdansyz ýagdaýda sahnada peýda bolýarlar hem-de şadyýan çykyşa gatnaşyjylara öwrülýärler.
Gepiň gerdişine görä aýdylsa, arakesme mahaly hem körpe tomaşaçylar üçin sirkiň artistleri ýörite maksatnamany taýýarladylar. Bu döredijilik “arakesmesiniň” dowamynda çagalar islegleri boýunça özlerini çapyksuwarlaryň ornunda duýup we at çapyp, özboluşly paraşýutda sirkiň gümmeziniň astynda gaýyp, ägirt uly, ýöne örän dostlukly we mähirli piliň ýanynda ýadygärlik üçin surata düşüp bilerler.
Çykyşyň ikinji bölümi ýene-de tomaşaçylary Sirk diýlip atlandyrylýan bu hakyky jadyly sungatyň haýran galmaly dünýäsine alyp gidýär.
Uly Warşawa sirkiniň artistleriniň Aşgabatdaky çykyşlarynyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini hem belläp geçmeli.
Dünýäde meşhur sirk we teatr toparynyň, estrada “ýyldyzlarynyň” biziň ýurdumyza gastrollary, şekillendiriş sungatynyň daşary ýurtly ussatlarynyň gatnaşmagy bilen çeperçilik sergileriniň geçirilmegi – bularyň hemmesi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ähli medeni-ruhy durmuşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan medeni-gumanitar ulgamda ýurdumyzyň yzygiderli ösýän halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy
+ نوشته شده در یکشنبه ۱۳۹۲/۱۰/۲۲ ساعت 11:39 توسط محمد قجقی
|