Bu günki gün Köýtendag döwlet goraghanasynda ösümlikleriň müň
töweregi, guşlaryň takmynan 120 görnüşi, süýdemdirijileriň 40 görnüşi
hasaba alyndy. Goralýan haýwanlary hasaba alyş möwsümi burma şahly
geçileriň we dag goçlarynyň umumy baş sanynyň köpelendigini we olaryň
baş sanynyň 1200 töweregidigini görkezdi.
Ajaýyp, ýöne entek bu sebitiň ýeterlik derejede öwrenilmedik däp-dessur häsiýetli ýerleri, saýaly kanonlary we şaglawuklar, şeýle hem, öz goýnunda ajaýyp tebigy minerallary, öz owadanlygy bilen haýran galdyrýan ýersty karst gowaklar dünýäsi dürli taryhy döwürlere degişli bolan 30-dan gowrak arheologiki ýadigärlikleriň üstüni ýetirýär.

Goraghananyň hünärmenleri tarapyndan bu sebitiň ýabany tebigatyny
gorap saklamaga gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan çäreler
işlenilip taýýarlanylýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir baý haýwanat we
ösümlik dünýäsini goramak barada gitmeýär. Bu ýerde tebigaty
goraýjylaryň – hünärmenleriň öňünde ilata düşündiriş işlerinden başlap,
syýahatçylaryň barjak ýerlerini abadanlaşdyrmak we syýahatçylyk
gurluşyny döretmek ýaly meseleleri toplumlaýyn çömek meseleleri dur.

Hojapil obasynyň golaýyndaky “Dinozawrlaryň ýapgydy”, Umbardere
şaglawugy, örän ajaýyp Kyrkgyz gowagy, seýrek duş gelýän arnap
agaçlarynyň tokaýlygy, örän owadan gowaklar we Köýtendagyň günbatar
ýapgytlarynyň çöketlikleri ýaly tebigy ýadigärlikleri syýahatçylar üçin
aýratýn özüne çekijiligine eýdir hem-de olbu sebiti syýahatçylyk
merkezine öwürmek üçin çykarylan çykdajylary tiz wagtda ödemek
mümkinçiligine eýedir.

Ýakyn ýyllarda Köýten şäherçesinde üç ýyldyzly myhmanhana gurlar,
Hojapil çäkli gatghanada bolsa, syýaahatçylary dinozawrlaryň daşa
öwrülen aýak yzlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjek asma ýoluň
gurluşygyna başlanar. Özüniň ajaýyp kükürtwodorodly suwy bilen meşhur
bolan Gaýnarbaba kölünde baneologiki şypahasyny gurmak meýilleşdirilýär.
Syýahatçylyk kempingleriniň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar. Örän owadan Daraýdere dag kanonynyň başlanýan ýerinde ýerleşjek kempinigleriň biri alpinistler üçin niýetleniler. Ýurduň iň belent nokady dürli görnüşli dag landşaftyna eýe bolan Köýtendagyň gerşinde hem-de belentligi 3137 metr balan Aýrybabada, 300-400 metr belentlikde ýerleşýän Daraýderede, Hojaçilgazda, Katta-kingde we içiniň adaty däl owadanlygy bilen syýahatçylaryň ünsüni ösüne çekýän Garlyk gowaklar ulgamynda alpinistler, daga çykýanlar we speologlar üçin dürli ugurlary gurap bolýar.

Köýtendag etrabynyň diňe bir ekologiki syýahatçyly we alpinizmi
guramak üçin mükinçilikleri bolman, eýsem bu ýeriniň ýerli halkynyň örän
baý we täsin medeni mirasy bardyr. Şonuň üçin hem geljekde bu ýerde
etnosyýahaty guramak üçin mümkinçilikler bardyr.

Geçen ýyldan bäri bu ýerde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň
milli topary bilen goraghananyň, TYA Botanika institutynyň işgärleri,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň
Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde
guralýan ylmy ekspedisiýalar yzygiderli geçirilýär. Bu bilelikdäki
halkara ylmy ekspedisiýalaryň dowamynda atlaryň sanawyny taýýarlamakda,
Köýtendag döwlet goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna
goşmak üçin ulanyljak ylmy maglumatlar toplanýar.
Wladimir KOMAROW,
fotosuraty awtoryňky
+ نوشته شده در شنبه ۱۳۹۲/۰۹/۲۳ ساعت 11:12 توسط محمد قجقی
|