Gadymýetiň ajaýyp sowgatlary


- Ritonlar nämä niýetlenilip taýýarlanypdyr?
- Riton grek sözi bolup, ol akmak, akyp gitmek diýen manyny berýär. Alymlaryň köpüsi olar däp-dessurlar berjaý edilende ulanylypdyr diýip hasap edýärler, ýöne nusaýdan tapylan çakyr saklanylýan ýerlerinde çakyryň köp mukdardaky litri saklanan bolmagy mümkindir. Onda ritonlar patyşalaryň dabaraly çärelerinde ulanylypdyr diýen netijä gelmek bolýar. Bizde şekillendiriş önümleri bar. Olaryň kömegi bilen ritonlarda içgileri içmek iki usul boýunça ulanylypdyr. Toý edýän adam akýan deşigi barmagy bilen ýapyp, bir elinde ritony saklapdyr, beýleki elinde bolsa piýalany saklapdyr. Haçan-da riton çakyrdan dolanda, ýaňky barmak bilen saklanýan deşijek açylyp, onuň içindäki çakyr piýala guýlupdyr. Beýleki usulda çakyr adamyň agzyna guýlar ýaly, ony özünden ýokarda saklapdyr.
Ritonlaryň ahmenid patyşalarynyň dabaralarynda ulanylypdyr diýip hasap edýän gözlegçiler hem bar. Olaryň hähili ulanylandygy bize belli däl. Sebäbi bizde şekillendiriş materialy ýok. Ýöne biz haçan-da b.e. öňki 490-njy ýylda bolan uruşda grekleriň parslary ýeňendigini bilýäris. Olara köp olja ýetipdir, olaryň arasynda ritonlar hem bolupdyr, özi hem olar ahmedinlerde örän gymmat bahaly demirlerden ýasalypdyr we olar derejeli predmetlere degişli bolupdyrlar. Bu bu günki gün gymmat bahaly awtoulagyna eýe bolan ýalydyr. Ýagny, şeýle gaba eýe bolan adam jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli bolupdyr. Soňra ritonlaryň görnüşleri dabaralaryň alamatlary hökmünde grek medeniýetine giripdir. Bu däp Gadymy Gresiýanyň hemme ýerine ýaýrapdyr.
Ritonlaryň nirede taýýarlanandygyny hiç kim düýpli bilmeýär. Birnäçe çaklamalar bar. Alymlaryň birnäçesi olar Parfiýada öndürildi düiýip çak etseler, beýlekiler – ellinistik döwletiňki diýip aýdýarlar, meniň pikirimçe, bu Grek-Baktriýa degişlidir, ýagny Demirgazyk owganystanyň häzirki çäkleridir we Amyderýanyň orta akymydyr. Bu iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklar hemişe çylşyrymly bolupdyr we ol ahyryna çenli öwrenilmän galypdyr. Ritonlar bolsa grek-baktriýa şalaryndan Parfiýa ýa-ha sowgat hökmünde, ýa-da kontribusiýa hökmünde düşüpdir we uzak wagtlap – azyndan 20-30 ýyl ulanylypdyr.


- Ritonlar parfiýalylarda nähili we näme üçin ulanylypdyr?
- Çaklamalara hemişe örän seresaply çemeleşen, taryh ylymlarynyň doktory W.N.Pilipko Köne Nusaýyň nebereler merkeziniň bolan bolmagy ähtimal diýen nukdaýnazary öňe sürýär. Şol döwürde şa nebereleriniň kulty bolupdyr, ýagny belli bir däp-dessurlar hökümdarlyk edýän neberä bagyşlanypdyr, olaryň töwereginde haýsydyr hereket edilipdir, ýörüte binalar gurlupdyr. Şoňa görä hem Köne Nusaý hut şeýle merkez bolupdyr. Bu ýerde geçirilen däp-dessurlaryň arasynda toparlaýyn çäreler hem bolupdyr. Nusaý ritonlarynyň şol dabaralara gatnaşan bolmagy mümkindir.
Näbelli sebäplere görä, ritonlar ulanyşdan galýar. Olar gymmat bahaly predmet hökmünde hazyna öwrülýär. 1948-nji ýylda bolsa, Ýelen Dawidowiç gerek ýerini gazyp, ajaýyp tapyndyny tapdy. Indi ellinist sungatynyň hrestomatiýa önümi hökmünde ykrar edilen Nusaý ritonlary dünýä meşhurlygyna eýe boldy. Ýadigärlik hökmünde öz goýnunda köp syrlary saklaýan Gadymy Nusaý barada söhbet açmaga borçly edýär.
- Tigran, siz Gündogar Döwlet muzeýinde nusaý ritonlaryny saklaýjy bolup durýarsyňyz. Olaryň beýleki muzeýlerdäki ekspozisiýalary barada aýdaýsaňyz.
Biziň muzeýimizde Köne Nusaýyň baýlyklaryndan ritonlaryň dördüsi ýerleşýär. Olar biziň muzeýimize geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistan tarapyndan sowgat hökmünde berlipdir. Muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan bu ritonlary görkezer ýaly ýörite zaly açmak barada çözgüt kabul edildi. Gündogar muzeýindäki ritonlar dünýäniň iri muzeýleriniň biri bolan Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde ekspozisiýada boldy. Özi hem nýu-ýorkuň muzeýiniň ýolbaşçylary Nusaýyň ajaýyp ritonlarynyň özlerinde ekspozisiýada, bu wagtlaýyn hem bolsa, bolmagyna özlerini bagtly saýdylar. Birnäçe ýyl mundan ozal Germaniýada Aleksandr Makedonskä bagyşlanyp, sergi geçirildi. Biziň muzeýimiziň ritonlarynyň biri onuň ekspozisiýasyna gatnaşdyryldy. Bu sergi Ispaniýada we Awstriýada hem geçirildi. Dünýäniň islendik muzeýi nusaý ritonlaryny öz sergi meýdançalarynda görkezmäge mümkinçilikleri bolsa elmydama şat boljakdygyny goşmaça aýdyp bilerin.

Aleksandrina ÝEWSTIGNEÝEWA,
fotosuraty H.MAGADOWYŇKY
منبع:www.turkmenıstan.gov.tm
+ نوشته شده در دوشنبه ۱۳۹۲/۰۹/۱۸ ساعت 11:17 توسط محمد قجقی
|