Täze sazly sahna eserinde halk gahrymany, bagşy we sazanda Görogly hakynda gürrüň berilýär. Bu milli gahryman hakyndaky hekaýatlar, asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip, halk sazandalary tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Ýurdumyzyň teatr sungatynyň işgärleri gadymy türkmen “Görogly” şadessany boýunça öň hem sahna eserini goýupdylar. Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen bu milli gahrymanyň keşbi Magtymguly adyndaky Türkmen sazly-drama teatrynda iki gezek opera sahna eserinde öz beýanyny tapypdy.

Türkmen halkynyň bu gaýduwsyz, adatdan daşary gujur-gaýrata eýe bolan, Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşmäge ýardam beren täsin ýaraga eýe bolan gahrymanyň öýlenişi hakyndaky rowaýat sahna eseriniň esasyny düzýär. Aýdyň, ýatda galyjy sahna oýny özboluşly milli däp-dessurlar, urp-adatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Tomaşaçylar türkmen halkynyň adaty hem-de baýramçylyk günlerine mahsus bolan durmuşynyň, Çandybiliň ýaşaýjylarynyň tutýan uly toýunyň, gaýduwsyz gahryman bilen Agaýunus periniň päk söýgüsiniň şaýady bolýarlar.

Şol döwrüň türkmen durmuşy hakyndaky hakykat beýan edilýär, halk döredijiliginiň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen “Göroglynyň öýlenişi” atly sazlysahna oýny ajaýyp ahalteke bedewlerini kemala getiren, nepisligi we owadanlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk türkmen halylylaryny, özboluşly mukamlaryň ýollaryny döreden türkmen halkynyň zehinine we ylhamyna bagyşlanan özboluşly operasydyr. Halk döredijiliginiň ummasyz dünýäsi hem Göroglynyň şahyrana döredijiligini kemala getirdi. Bu sahna oýnuna öz gursagynda durmuşa bolan söýginiň aýdyň nusgasyny göterýän hem-de tomaşaçynyň öňünde milli medeniýetiň örän baý dünýäsini açyp görkezýän türkmen halkynyň kalby diýseň hem bolar.

“Görogly” şadessany ýaly täze sahna eseri hem ynsanyň belent ahlak sypatlary, mähribanlygy we bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary hakynda söhbet açmak bilen, özünde ägirt uly ruhy galkynyşy jemleýär. Täze eser häzirki döwrüň tomaşaçysyna düşnüklidir we ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuw eden türkmen döwletiniň gülläp ösýän döwrüniň--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesline bagyşlanandyr.


Özüne dramatrugiýanyň we aýdyň sahna keşpleriniň bitewiligini birleşdirýän sahna oýnunda meşhur sungat ussatlary bilen bir hatarda teatr sungatynyň ýaş wekilleri hem çykyş edýärler. Tejribäniň, ussatlygyň hem-de ýaşlaryň gujurlylygynyň özara birleşmegi teatr sahnasynda taryhyň we halk hakydasynyň, nesilleriň ruhy baglanyşygynyň üznüksizligi hakyndaky pikiri açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

“Göroglunyň öýlenişi” oýny türkmen halkynyň ata Watanymyzy, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösüşini şöhratlandyryp, agzybir hem-de bitewi maşgala bolup ýurdumyzyň baş baýramyny garşylaýan häzirki günlerine ýol ýasaýan toý sahnasy bilen tamamlanýar. Milli gahrymanlarymyzyň şöhratly işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy we döredijisidir.

“Göroglynyň öýlenişiniň” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişiniň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy onuň uly üstünlige eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Tomaşaçylar zehinli artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy