Türkmen zergärçilik sungatynyň däp-dessurlarynyň häzirki zaman bilen sazlaşygy


Bu kiçijik muzeýiň täsin kolleksiýasy dünýewi durmuş bilen ýaşaýar:
ol yzygiderli täzelenmek bilen, köp sanly myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna
eýe bolýar. Onuň köp eksponatlary hususy kolleksionerleriň, owadanlyga
baha berýänleriň we onuň janköýerleriniň isleg bildirip alýan zatlary
bolup durýar, täsin ýeri hem olaryň köpüsiniň zenen malgalalar bolup
durýändygy täsindir. Döredijilik adamsynyň ussahanasynydan gitmek bilen,
Goşaýewiň ajaýyp eserleri abraýly daşary ýurt galareýalarynyň
ekspoziýalarynda görnükli orny eýeleýär.
Bilezikler, ýüzükler, gülýakalar, monjuklar we şelpeler....
Hat-da her bir aýratynlykda ýasalan eser haýran galdyrman, eýsem olaryň
biri-biri bilen özara baglanyşygy haýran galdyrýar we ýatda galýar. Bu
bolsa uly we bütewi halkyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olaryň her
biriniň gizlin syry bar ýaly bolup duýulýar. Olary bir ýere jemleseň
ahyrynda ony döredeniň bize goýan nyşanlary – baky ýüzlenmäniň ähli
syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýär.
Ahalteke bedewleriniň keşbini döretmek Goşaýewiň döredijiliginde
aýratyn oryn eýeleýär. Onuň bu keşbi tebigy güýç we kuwwatlylyk,
owadanlyk we ajaýyplylyk, joşgunly we yhlasly ynsanyň ýiti zehini
hökmünde ussatlarça beýan edýänigi haýran galdyrýar. Bu ýerde arassa we
päk başlangyjyň manysy beýan edilýär.
Ussadyň “Watan” diýen eserini onuň ýüregine iň ýakyn işleriniň
biri diýip hasap etse bolar. Bu eser zergär tarapyndan 2001-nji ýylda
döredildi hem-de amaly-haşam sungadynyň ussalarynyň arasynda geçirilen
dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Awtoryň däredijilik
ugurlaryna mahsus bolan bu çeper kompozisiýa tomaşaça türkmen halkynyň
durmuşy, estetiki we etiki dünýä garaýşynyň giden bir taryhy barada
gürrüň berýär. Dürli şekileriň kümüşden esaslary düzülip, olaryň ýüzüne
gyzyl çaýylyp, firuza we hakyk daşy bilen bezelendir. Ussat bu eserinde
ertekä meňzeýän gündogar köşgüni, türkmen ak öýlerini şekillendiripdir,
ol bu ýerde ynsanyň, bedewleriň, düýeleriň keşplerini sýužete ussatlyk
bilen goşmagy başarypdyr. Suraty içgin synlanyňda awtoryň biziň
ata-babalarymyzyň geçmişdäki bir gününi beýan edýär. Bu ýerde
ahlaklylygyň we türkmen halkynyň ýer ýüzüne peşgeş beren, milli buýsanjy
bolan behişdi ahalteke bedewleri has aýdyň berilýär.


Awtoryň bu tema boýunça döreden işleriniň üçüsiniň ýene-de biri oňa
2011-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasibetli geçirilen
umumymilli döredijilik bäsleşiginde ýeňiş getirdi. Kümüşsow-gyzyl
çaýylyp döredilen bu özboluşly eser “Behişdi bedewler” diýlip
atlandyrylyp, çapyp barýan bedewleriň keşbinde beýan edilýär, onuň
merkezini bolsa buýsançly ahalteke bedewi bezeýär.
“Her bir zergär – ilkinji nobatda hudožnik, diňe şondan soňra -
demir we daşlar boýunça ussat bolup biler – diýip, Sapar aga hasap
edýär. Tebigy materiallary özüňe boýun egdirjek bolsaň oňa zehiniňi we
yhlasyňy siňdirmeli, pikirleriňi onuň bilen paýlaşmaly, bu bolsa
beýlekileriň kalplarynda öz beýanyny tapar”. Megerem, bu sözlerde
ussadyň dünýägaraýşy jemlenýändir.
Türkmen halkynda zergärçilik sungaty ata-baba nesilden-nesle
geçip gelýär. Bu bolsa meşhur maşgala zergärçilik dinastiýasynyň emele
gelmegine şertleri döretdi. Bu günki gün zergärçilik bilen islendik adam
meşgullansa-da, şunuň ýaly nesilden-nesle geçýän zergärçilik Sapar
Goşaýewleriň maşgalasynda hem bolup geçdi. Onuň meşgullanýan işini onuň
ogly Muhammet ýaşlykdan içgin synlap başlady. Ýaş ogalana kakasynyň eser
döretmek üçin her bir inçe hereketleri göwnüne ýarady. Şol hereketleriň
esasynda hem her hili demir böleklerinden ajaýyp jadylaýjy eserler
döreýär. Ussatlygyň şunuň ýaly inçe syrlaryny ürç edip öwrenen Muhhammet
eýýäm mekdep ýyllarynda çylşyrymly bolmadyk ilkinji eserleri döredip
başlady. Muhammet mekdebi tamamlandan soňra Moskwanyň rendeleýiş ýokary
okuw mekdebiniň talypy boldy. Ol bu günki günler bu ýokary okuw
mekdebiniň monumental-dekoratiw we amaly-haşam sungaty fakultetiniň
demiri çeperçilik taýdan gaýtadan işlemel bölüminde okuwyny üstünlikli
dowam etdirýär.
Heniz sapar Goşaýewiň geljekde köp döredijilik meýilnamalary
bar. Olaryň arasynda ýene-de onuň söýgüli temasy bolan ahlteke
bedewlerini wasp etmäge bagyşlap, döretjek eserleri az bolmaz.
Anastasiýa LEBEDEWA,
fotosuraty A.ÖWEZMUHAMMEDOWYŇKY
منبع:www.turkmenistan.gov.tm
+ نوشته شده در دوشنبه ۱۳۹۲/۰۹/۱۸ ساعت 10:53 توسط محمد قجقی
|