• Uruşdan öň iki sany aga-ini ýaşapdyr. Uly agasy kolhozyň traktoryny sürüp mydama daýhançylyk bilen meşgullanar eken. Kiçi inisi welin işýakmaz bolansoň, bazarda kezzaplyk edip adamlary çürkär eken. Uruş başlaýar, daýhan agasy eline ýarag alyp urşa gidýär. Inisi bolsa urşa gitmän gaçgak bolýar. Uruş gutarýar, agasy uruşdan sag-aman dolanyp gelip, ýene öňki işine başlaýar. Inisini welin tutup Sibire sürgün edýärler. Inisi bir ýyla golaý oturansoň derrewem yzyna dolanyp gelýärde, kolhoza işe girýär. Ilki brigadir, soňra başlyk, yzýanam bolsa raýkoma çekilýär. Bir gün ýaňky aga-ini bir ýerde gabatlaşyp çaýlaşýarlar. Şonda agasy, inisine sorag berýär:
    - Men ömürboýy halal işläp kolhoza şunça hyzmat etdim, uruşda döş gerip uruşdym, emma meniň şol bir işim. A sen bolsa, gaçgak, dönük bolsaňam gaýtam beter ýokaryk çekýäler, bu ne beýle?
    - Hemme zat dogry. Meniň zähmet depderçämde - agasy sowet soýyzynyň gahrymany - diýen ýazgy dur. A seniň zähmet depderçäňde bolsa – inisi
    gaçgak – diýen ýazgy bar!

    www.ertir.com