Dograma

8-10 adamlyk

Petir çörek üçin
1 kg un
1 nahar çemçesi duz
600 ml ýyly suw
10 gr hamyrmaýa

Çorbasy üçin
1½ kg yagly, süňkli goýun / sygyr eti
4-5 l suw
2 pomidor
2 sogan
duz

Petir çörek bişirmek üçin tabaga duz, hamyrmaýa atyp, suw we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry iki zuwala bölmeli. Ojagy 250 derejede gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, çörek ýasamaly we çöregiň ýüzüni dürtgüç bilen güri dürtmeli. Soňra çöregiň ýüzüne suw çalyp, ony gyzgyn ojaga salmaly hem ýüzi gyzarýança bişirmeli.

Eti gazana salyp, suwda gaýnatmaly we gaýnap başlanda ýüzündäki köpügini aýyrmaly hem çen bilen duz atmaly. Et 15 minut gaýnandan soň, üstüne dogralan pomidor atyp, mazaly bişýänçä pes otda gaýnatmaly.

Bişen petiri ownuk dogramaly. Soňra oňa yarty halka şekilinde dogralan soganlary garmaly. Et bişenden soň, etleri çorbadan çykaryp, bir bölek petir çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Soňra eti, sogany çörek bilen birlikde garmaly we üstüne biraz yagly çorba sepelemeli.

Eger garylan dogramany biraz saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar. Dograma äberilende tabaga guýlup, üstüne gara burç sepilýär we gaýnap duran çorbadan üstüne çykar-çykmaz edilip guýulýar.

منبع:www.Turkmenkitchen.com