Tworogly Ýumurtga Börek

5 adamlyk

Hamyr üçin
500 gr un
1 çaý çemçesi duz
150-200 ml suw (çen bilen)

Içi üçin
250 gr tworog
4 ýumurtga
25 gr mesge, otag ýylylygynda
1 çümmük duz

Gaýnatmak üçin
3 l suw
1 çaý çemçesi duz

Tworogy, ýumurtgany, mesgäni we duzy bir gabyň içinde garyp, ýarym sagatlap doňduryjyda goýmaly.

Bir gaba duz, un, suw guýup, gaty hamyr etmeli. Gaty hamyr etmek üçin suwy una az-azdan guýmaly. Taýýar bolan hamyry zuwalalara bölüp, 2 mm galyňlykda ýaýmaly-da, 6 cm inedördül ýada tegelek kesmeli. Içine bir çaý çemçesi töweregi tworogly garyndy goýup bükmeli.

Gazana 1 çaý çemçesi duz atyp, suwdan dolduryp otda goýmaly we suw gaýnanda börekleri atmaly. Börekler suwda 10-15 minut gaýnandan soň, olary süzgüç bilen süzüp, bir gaba çykarmaly we üstüne gatyk guýmaly.

منبع:www.Turkmenkitchen.com