خوراک و غذا های ترکمنی19- غذای گوشتی" بادام-بورچ دولوماسی"( Badam-Burç Dolamasy
Badam-Burç Dolamasy
3 adamlyk
2 badam
3 bolgar burçy
Içi üçin
500 gr üwelen sygyr / goýun eti
5 nahar çemçesi tüwi
1 çaý çemçesi tomat
1 nahar çemçesi limon suwy
1 sogan
1 diş sarymsak
duz we gara burç (çen bilen)
Çorbasy üçin
2 nahar çemçesi ösümlik ýagy
2 pomidor
2 kartoşka
1 çümmük duz
suw
Burçlaryň saplaryndan tutup, içine tarap basmaly we yzyna çekip çykarmaly. Soňra olaryň içindäki tohumlaryny aýryp, özlerini ýuwmaly. Badamlary hem saplaryny aýryp ýuwmaly we soňra üçe bölüp, pyçak bilen içlerini oýmaly.
Badamyň içini, sogany, sarymsagy ownuk dogramaly, limon suwy guýmaly we olaryň üstüne tüwi atmaly. Soň bu garyndyny üwelen et, tomat, duz, burç bilen garmaly. Badam-burçlaryň içini etli garyndy bilen doldurmaly.
Gazana ýag guýup, pomidorlary ownuk dograp, 5 minut gowurmaly we oduny öçürmeli. Dolamalary gazanyň içine düzmeli. Kartoşkalaryň gabygyny artyp, böleklere bölüp, gazana atmaly, üstüne bir çümmük duz sepmeli we suw guýmaly. Suw dolamalaryň üstüne çykmaly. Dolama çorbasy gaýnap başlanda oduny peseltmeli we nahary badam, burç ýumşaýança bişirmeli.
منبع: www.Turkmenkitchen.com