خوراک و غذاهای ترکمنی 6- غذاهای خمیری" پیشمه"(Pişme)
Pişme
1 çaý çemçesi duz
300 ml suw
1 çaý çemçesi gury maýa
500 gr un
½ l ösumlik ýagy
Tabaga duz, suw, maýa we un guýup, ýumşak hamyr etmeli. Hamyry, alar ýaly, 20 minut çemesi basyryp goýmaly.
Soň hamyry iki zuwala bölmeli we saçak bilen üstüni ýapyp, 5 minut goýmaly.
Hamyry 5 mm galyňlykda ýaýmaly we ony uzyn zolak görnüşinde kesmeli. Soň, şekil bermek üçin, zolak hamyrlary gyýalap kesmeli.
Gazana ýag guýup, ýag gyzansoň pişmeleri atmaly we hemme ýeri deň gyzarar ýaly, olary kepgir bilen bulap durmaly. Daşy endigan gyzaran pişmeleri ýagdan süzüp almaly.
منبع:www.Turkmenkitchen.com
+ نوشته شده در یکشنبه ۱۳۹۱/۰۵/۲۹ ساعت 14:52 توسط محمد قجقی
|