ýag suwuny çekende durman bulamaly

ýag bölekleriniň daşy gyzaranda ýagdan süzüp almaly

ak ýagJigirdegi çörek bilen iýmegiň üýtgeşik lezzeti bar, ýöne ony ýagly çörek bişirmek üçin hem ulanyp bolýar. Türkmenler ak ýagy gowurmak we batyrma, jazly aş, şüle ýaly dürli naharlary bişirmek üçin ulanýarlar. Emma ak ýag esasan gowurdak etmek üçin ulanylýar.

Jigirdek & Ak Ýag

1 1/2 kg goýun ýa-da sygyr ýagy (gapyrga ýagy ýa-da guýruk)
1 1/2 çaý çemçesi duz
500 ml (2 bulgur) suw

Ýagy her tarapy 2 cm ululykda dograp duzlamaly we gazana atyp, suw guýup, güýçli otda 10 minut bişirmeli. Soňra oduny peseldip, aram otda bişirmeli. Ýagy käýarym bulap durmaly. Ýag suwuny çekende, gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, durman bulamaly. Ýag bölekleriniň daşy gyzaryp, ergin ýagyň ýüzüne galanda, oduny öçürmeli we jigirdegi ýagdan süzüp almaly. Jigirdegi ýapyk gapda, sowuk ýerde saklasaň gowy durýar we ony birnäçe aý saklap bolýar.

Ergin ýagy syrçaly pitä guýup, salkyn ýerde goýsaň, ol doňup, ak ýaga öwrülýär. Ak ýag salkyn ýerde 4-5 aý saklanyp bilner. Ony sowadyjynyň doňduryjysynda bir ýyla çenli saklap bolýar.

منبع:www.Turkmenkitchen.com