خوراک و غذاهای ترکمنی3 - غذای گوشتی- قووورداق( Gowurdak)
Gowurdak doň ýa-da eredip, ýa-da içine sogan dograp, şeýle-de çaýçorba edilip iýilýär. Ony üstüne
ýumurtga çakyp, gök önümler bilen batyrma edip iýmek hem ýörgünli. Şeýle-de ony gowurdak çorbasy, jazly aş, şüle ýaly naharlary bişirmek üçin ulanýarlar.
Gowurdak
Ak ýag üçin
1 1/2 kg goýun ýa-da sygyr ýagy (gapyrga ýagy ýa-da guýruk)
1 1/2 çaý çemçesi duz
500 ml (2 bulgur) suw
Gowurdak üçin
ak ýag
3 kg goýun ýa-da sygyr eti
1 nahar çemçesi duz
Eti gowurmak üçin ilki bilen ak ýag etmeli (ak ýagyň edilişi). Eti aşyk ululygynda dogramaly we duzlamaly. Gazana ak ýag guýup, eräp başlanda dogralan eti atyp, 10 minut güýçli otda bişirmeli we käwagt bulamaly. Soňra gazanyň oduny peseldip, aram otda bişirmeli. Daşy gyzaryp, gowy gowrulyp başlanda, eti durman bulamaly. Ýag köpürjiklände oduny öçürmeli. Gowurdagy syrçaly pitä guýmaly we salkyn ýerde goýmaly. Gowurdak salkyn ýerde uzak wagt saklanyp bilner.
منبع:www.Turkmenkitchen.com