Gatyk

1 l süýt
4 nahar çemçesi gatyk ýa-da kefir

Süýdi gazana guýup, otda goýmaly. Süýt ýokary galyp başlanda, çogmaz ýaly, derrew oduny öçürmeli. Süýdi biraz sowaýança (mylaýym bolýança) goýmaly. Gatyk basyryljak gabyň içine gönezlik (gatyk) guýup, onuň üstünden mylaýym bolan süýdi guýmaly we çemçe bilen bulamaly. Süýt uýar ýaly, onyň üstüni galyň mata bilen basyrmaly. Gatyk 8-12 sagatdan soň taýýar bolýar.

منبع:www.Turkmenkitchen.com