gatykly haltanyň agzyny büzüp, ony salkyn ýerde asmalysüzgüjiň içine ýazylan ak mata gatyk guýup hem süzme edip bilersiňizsüzmeçalSüzme

Akja matadan agzy büzmekli halta tikmeli we haltany ulanmazdan öňürti ýuwmaly. Haltany tabagyň içinde goýup, onuň içine gatyk guýmaly. Gatykly haltanyň agzyny büzüp, ony salkyn ýerde asmaly we suwy damar ýaly, tabagy haltanyň aşagynda goýmaly. Haltadaky gatygyň suwy damyp gutaransoň, süzme taýýar bolýar.

Şeýle-de siz, süzgüjiň içine ýazylan ak mata gatyk guýup, suwy syzar ýaly, ony tabagyň içinde goýup hem süzme edip bilersiňiz. Süzme edilende tabaga ýygnanan suwy ýa-da aýrany hamyr edilende hem ulanyp bolar.

Süzme unaş, börek, manty gatyklamak üçin ulanylýar. Şeýle-de ondan tomsuna içmek üçin çal (süzmeçal) edilýär. Süzmeçal etmek üçin bir gaba süzme guýmaly we onuň üstüne azajyk suw guýup, dügür galmaz ýaly, çemçe bilen ezmeli. Soňra onuň içine duz atmaly we az-azdan suw guýup, gowy bulamaly. Islän çalynyň içine ownuk dogralan hyýar, sarymsak, rediska, petruşkadyr şibit hem atyp biler.

منبع:www.Turkmenkitchen.com